Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen Geljegiň şäherleri atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan guralan Geljegiň şäherleri atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy.

Türkmen tarapyna Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýew wekilçilik etdi. D.Jumaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini belläp, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalar barada gürrüň berdi.

Şäher meýilnamasy we durnukly ösüş pudagynda öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagynyň mysaly bolan akylly Arkadag şäheriniň taslamasyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem dynç alyş we sagaldyş üçin döwrebap infrastruktura eýe bolan Awaza milli syýahatçylyk zolagy tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti suw baýlyklaryny dolandyrmak we şäherli ýaşlaryň ösüşi boýunça halkara dialogyny başlatmagy teklip etdi. Hususan-da, UNECE-iň howandarlygynda suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça täze hukuk guralyny döretmek, şeýle hem Arkadag şäherinde ýaşlaryň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Geljegiň şäherleri atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy
Dejavu restorany EV prime perfumerie tanyşdyrylyşyna çagyrýar
Tramp, Baýdeniň Kasam Ediş Dabarasy Üçin Waşingtonda Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Etdi
2020-nji ýylyň iň oňat gadjetleriniň reýtingi düzüldi
Geçi dawasy sahnada
Iň gowy aýdym “Dynamite”, iň gowy aýdymçy Lady Gaga