Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy

5-9-njy dekabr aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirilýär.

Onuň işine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

5-nji dekabrda çäräniň dowamynda giňişleýin ylalaşyga esaslanyp, ses bermezden ýokarda agzalan Komitet biragyzdan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek çözgüdini kabul etdi.

Karar kabul edilenden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Komitetiň wekillerine we wekiliýetleriň agzalaryna Türkmenistanyň hödürnamasyny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri barada çykyş etdi. Bu çykyş Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň baha beriş topary tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawy mälim edildi
Agzaçar bermek däbi ÝUNESKO-nyň sanawyny girizildi
Türkmenistanda şu ýylyň on bir aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy