Şu ýylyň 5 — 9-njy dekabry aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirilýär.
Onuň işine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji dekabrda çäräniň dowamynda giňişleýin ylalaşyga esaslanyp, ses bermezden ýokarda agzalan Komitet biragyzdan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek çözgüdini kabul etdi.
Karar kabul edilenden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Komitetiň wekillerine we wekiliýetleriň agzalaryna Türkmenistanyň hödürnamasyny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri barada çykyş etdi. Bu çykyş Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň baha beriş topary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.