Türkmenistanyň wekiliýeti terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

4-5-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda köptaraplaýyn çemeleşmeleriň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerine garaldy we ýüze çykýan häzirki zaman wehimlere garşy göreşmegiň gurallarynyň ýagdaýy we netijeliligi bahalandyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem güýçlendirmek baradaky berk ygrarlylygy tassykladylar, şeýle hem terrorçylyga garşy göreşmekdäki tagallalary utgaşdyrmakda BMG-niň esasy ornuny nazara almak bilen terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ulgamlaýyn çäreleri işläp düzmekde bilelikdäki mümkinçilikleriň ulanylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň milli we halkara derejelerde parahatçylyga we howpsuzlyga, şol sanda terrorçylyk we radikal ýüze çykmalara garşy göreşmek maksady bilen ähli zerur çäreleri we hereketleri amala aşyrýandygyny belledi. Terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we beýleki howplara garşy göreşde Türkmenistanyň öz işini BMG bilen utgaşdyrýandygy nygtaldy.

Ýokary derejeli maslahatyň barşynda möhüm energiýa infrastrukturasyny terrorçylyk hüjümlerinden goramak boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Çärede türkmen wekiliýeti möhüm infrastrukturany goramak we ony üpjün etmek üçin amaly çäreleriň işlenip düzülmegine gönükdirilen başlangyçlary Türkmenistanyň goldaýandygyny belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň (UNOCT) ýolbaşçysy W.Woronkow çykyşynda Türkmenistanyň hökümetine UNOCT bilen ýakyn hyzmatdaşlygy hem-de onuň işine doly goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen tarapy maslahata gatnaşyjylary 11-12-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek UNOCT-niň çäresine çagyrdy.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Kuweýt Döwletine iş saparyny amala aşyrdy
Aşgabat şäherinde möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Ýaşar Çekik Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora garşy göreşiň çäginde ýene-de 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny