Türkmenistanyň wekiliýeti Sur Ýary festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Sur Ýary festiwalyna gatnaşdy

Penza.er.ru gullugynyň habaryna görä Türkmenistanyň wekilleri ilkinji gezek Penza sebitinde gadymy medeniýetleriň Sur Ýary atly festiwalyna gatnaşdylar.

Festiwala gadymy gurallary ýasaýjylar, awtorlar ― ýerine ýetirijiler, döredijilik toparlary we beýlekiler gatnaşdy. Penza, Saratow, Tula, Rostow, Nižniý Nowgorod sebitleriniň, şeýle hem Mordowiýa Respublikasynyň we beýleki sebitleriň wekilleriniň täsirli çykyşlary festiwalyň şüweleňini artdyrdy. Türkmenistan bilen Özbegistanyň wekilleri ilkinji gezek bu festiwalyň jümmüşinde boldular.

Penza sebitiniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Russiýanyň geografiki jemgyýetiniň Mokşanskiý etrap bölümi we Ýunona dynç alyş merkezi tarapyndan gurnalan bu festiwal her ýyl geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Ukraina, Russiýa Garşy Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Gurady
Ukrainadan Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy
Ysmail Gaspyraly
Tehnologiýa synag edildi
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Oleg Ýankowskiniň doglan güni bellendi