14-15-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylar onuň çäginde guralan EKSPO-zenan telekeçiligi 2024 sergisi bilen tanyşdylar.
Dialogyň Merkezi Aziýa sebit ýurtlarynda innowator zenanlar durmuş-ykdysady ösüşiň tizlendirijisi hökmünde atly maslahatynyň dowamynda zenanlaryň başlangyçlaryna we telekeçiligine goldaw bermek boýunça milli tejribeler barada çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda 2024-nji ýylda Dialoga Gyrgyz Respublikasynyň başlyklyk etmeginiň dowamynda alnyp barlan işler we öňde durýan wezipeler barada pikir alyşyldy. Türkmenistanyň wekilleri ýurtda zenanlaryň dürli ugurlarda döredijilikli zähmet çekmekleri we täzeçil başlangyçlaryny amala aşyrmaklary üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler barada, şeýle hem maslahatyň gün tertibi boýunça çykyş etdiler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji resminamasy kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda 2025-nji ýylda Dialoga Täjigistan Respublikasynyň başlyklyk etmegini we jemleýji resminamada bellenilen wezipeleriň geljekde durmuşa geçirilmeginde meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylmagyny goldadylar diýlip, habarda bellenilýär.