27-nji fewraldan 1-nji mart aralygynda ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär.Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyň Sekretariatynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary, Hökümetara Komitetine agza-döwletleriň we agzalan Konwensiýa agza-döwletleriň wekilleri we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu mejlisiň işine türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşýar.
Mejlisiň dowamynda Komitet Hökümetara Komitetiniň 2024-2025-nji ýyllarda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyny tassyklady. Şeýle hem, 2025-nji ýylda Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilmeli çäreler baradaky Konwensiýasynyň agza-döwletleri tarapyndan öňe sürlen tekliplere seredildi.
Bu mejlisiň çäklerinde raýat jemgyýetiniň we hökümete degişli däl guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garalmagy meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.