2024-nji ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde geçirilen Omanyň nebiti we energetikasy ─ 2024 atly halkara sergisine hem-de Elýeterli, durnukly we tygşytly ulanylýan energiýa çeşmeleri atly halkara maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Bu çärelere Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdy. Bu barada Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, halkara serginiň we maslahatyň esasy maksady nebitgaz ulgamynda dünýä tejribelerini öwrenmek hem-de tygşytly ulanylýan energiýa çeşmeleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Çäreler OMANEXPO tarapyndan Oman Soltanlygynyň Energetika we mineral serişdeler ministrliginiň howandarlygynda geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.