Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda KazanForum 2023 halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady.

Forumyň çäklerinde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi.

Forumyň gün tertibine şeýle-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri atly aýratyn sessiýa girizildi, onuň dowamynda bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşýan myhmanlar Russia Halal Expo atly halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Onda Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy.

Şol günüň özünde Gubernator köşgünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Husnullin hem-de RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanow bilen duşuşyklary geçirildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde M.Çakyýewiň Kamaz kompaniýasynyň baş direktory S.Kogogin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar  
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
KAMAZ Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
ДЕЛЕГАЦИЯ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНИМАЕТ УЧАСТИЕ В МЕРОПРИЯТИЯХ KAZANFORUM 2023
2023-NJI ÝYLYŇ MAÝY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP