18-nji maýda Tatarstanyň paýtagtynda KazanForum 2023 halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady.
Forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada” atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi.Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, daşamalaryň global zynjyryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag ugry bolsa, bu ulgamyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça amala aşyrylýan gatnawlaryň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli polat ýolunyň işe girizilmegi bilen, ýurduň üstaşyr akymlardaky logistikasynyň mümkinçilikleri has-da täsirli bolup durýar.
Onuň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi baradaky ylalaşyga goşulmagy bilen bagly degişli işler alnyp barylýar.
Forumyň gün tertibine şeýle-de “Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri” atly aýratyn sessiýa girizildi, onuň dowamynda bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumda Russia Halal Expo atly halkara sergi guraldy. Onda Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy.
Şol güni Gubernator köşgünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Husnullin hem-de RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanow bilen duşuşyklary geçirildi.
Şeýle hem forumyň çäklerinde M.Çakyýewiň Kamaz kompaniýasynyň baş direktory S.Kogogin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.