Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrendi

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrendi

9 — 13-nji dekabr aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orta hünär biliminiň işgärleri üçin Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynda tejribeleri öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn okuw çäreleri we duşuşyklary guraldy.

Çärä Türkmenistandan Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Okuw maksatnamasy Hytaýyň Guansi-Çžuan awtonom sebitiniň Bilim departamentiniň ýolbaşçylarynyň, Aziýa ösüş bankynyň Adam we durmuş taýdan ösüş bölüminiň direktory Sofia Şakiliň ýolbaşçylygyndaky toparyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orta hünär bilimi ulgamynyň işgärleriniň bilelikdäki iş maslahaty bilen açyldy.

Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň orta hünär ulgamynda bilimiň hilini we depginlerini ýokarlandyrmak, dolandyrmagyň düzgünleri, kadalaşdyryjy hukuk namalar we pudaklaýyn edaralaryň hyzmatdaşlygy diýen temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynda orta hünär bilimiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, maddy-tehniki binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna, häzirki zaman tehnologiýalar bilen yzygiderli enjamlaşdyrmaga, şeýle hem täze innowasion okuw binalaryny gurmaga aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Bularyň böleginiň maliýeleşdirilmegi Aziýa ösüş banky tarapyndan amala aşyrylýar.

Soňra ähli gatnaşyjylar üçin Guansi hünär-tehniki kollejinde tanyşdyryş duşuşyklary geçirildi. Wekiliýet sergi zallaryna, robot tehnikalarynyň, VR-iň we AR-iň ulanylmagy bilen önümçilik işlerini öwretmek üçin döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen barlaghanalara baryp gördüler.

Guansi-Çžuan awtonom sebitiniň Nannin şäherinde ýerleşýän Guansi elektrotehniki-politehniki institutynda çärä gatnaşyjylar onuň binýadynda hereket edýän orta hünär mekdepleriň ýedisiniň aýratynlyklary hem-de bilelikdäki işleri bilen tanyşdyryldy.

Maksatnamanyň jemleýji günlerinde çärä gatnaşyjylary okatmagyň ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda döredilen mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen Luçžou şäheriniň demirýol hünär-tehniki okuw mekdebine hem-de politehniki uniwersitetiniň ýanyndaky orta hünär okuw mekdeplerine baryp gördüler. Şeýle hem Guilin syýahatçylyk uniwersitetine sapar guraldy.

Ýene degişli makalalar

Meksikada Täze Ýyla Bagyşlanyp Geçirlen Çärede Guralan Hüjümde 12 Adam Ýogaldy
Şotlandiýadaky iki panda Hytaýa dolandy
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar
Aşgabatda howanyň 0 gradusdan pese düşmegine garaşylýar, Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, türkmen talyplary SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we beýleki habarlar
Türkmen wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy