Türkmenistanyň wekiliýeti Geljek nesliň dialogy 2024 atly foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Geljek nesliň dialogy 2024 atly foruma gatnaşýar

Seul şäherinde Geljek nesliň dialogy 2024 atly maksatnamanyň açylyş dabarasy we tebigy baýlyklar pudagyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan maslahat öz işine başlady.

Bu çäreler Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariaty tarapyndan guraldy.

Duşuşyga degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, Merkezi Aziýa döwletlerinden we Koreýa Respublikasyndan degişli hünärmenler hem-de bilermenler, şol sanda Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda Türkmenistana ýurduň Daşary işler ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň wekilleri wekilçilik edýärler. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň esasy tebigy we mineral baýlyklary barada çykyş etdiler, şeýle-de bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Maksatnama 29-njy iýuna çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýun Suk Ýol harby dolanşyk synanşygy sebäpli tussag edildi
Resmiler Ýun Sok Ýoluň tussag edilmegi üçin Seul Günbatar etrap kazyýetine ýüz tutdular
Seulda Merkezi Aziýa — Koreýa dostluk güni geçirildi
Kazyýet Günorta Koreýaly Ýun Sok Ýoluň tussag edilmegi bilen bagly karar kabul etdi
Arkadag şäheri ýokary hiliň nusgasy