Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy

25-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, milli pawilýonlary taýýarlamak, çäreleri meýilleşdirmek we serginiň beýleki guramaçylyk taraplary duşuşygyň esasy temalary boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Ýaponiýanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Onuň barşynda Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak we taýýarlamak, şeýle hem sergini guramak bilen baglanyşykly meýilnamalardyr wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon tarapy ýurduň EKSPO-2025-e gatnaşmaga taýýarlygynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, işleriň netijeli guralýandygy we ähli wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildiri.

Mundan başga-da, saparyň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýumeşima adasynda ýerleşen serginiň geçiriljek meýdançasyna baryp gördüler we Milli pawilýonyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan dünýäde ilkinji bolup EKSPO — 2025-iň gurluşyk meýdançasynda Döwlet baýdagyny dikdi
EKSPO 2025 Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistanyň Milli pawilýony tanyşdyryldy
Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy
“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
Türkmen diplomaty Osaka prefekturasynyň gubernatory bilen duşuşdy