Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji oktýabrda Duşenbe şäherinde geçirilen Orhus merkezleriniň ýyllyk duşuşygyna gatnaşdy.
Ashgabat.in saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady Orhus konwensiýasyny durmuşa geçirmek babatda Günorta-Gündogar Ýewropanyň, Gündogar Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň 14 ýurdunda hereket edýän Orhus merkezleriniň arasynda tejribe we bilim alyşmakdan ybarat boldy.
Duşuşyk şu aşakdaky tematiki mejlisleri öz içine aldy:
Ýeri gelende bellesek, Aşgabatdaky Orhus merkezi şeýle duşuşyklara yzygiderli gatnaşyp, özüniň bu ugurdaky tejribesini we pikirlerini paýlaşýar. Hususan-da, Duşenbedäki duşuşykda türkmen wekiliýeti maglumat gorlaryny wagtal-wagtal täzelemegiň zerurdygyny hem-de Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde täze Orhus merkezlerini döretmek arkaly işjeňligi giňeltmek isleýändiklerini nygtadylar.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar Duşenbäniň 24 kilometr günbatarynda ýerleşýän Gadymy Gissar taryhy we medeni goraghanasyna, Merkezi Aziýanyň iň uly gidroelektrik stansiýasy bolan Nurek gidroelektrik stansiýasyna hem-de Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördüler.
* * *
Daşky gurşaw meselelerinde maglumat elýeterliligi, çözgütleri kabul etmekde jemgyýeçiligiň gatnaşmagy we adyl kazyýetiň elýeterliligi baradaky konwensiýa (Orhus konwensiýasy) 1998-nji ýylyň 25-nji iýunynda Daniýanyň Orhus şäherinde 38 ýurt tarapyndan gol çekildi.
Türkmenistan bu Konwensiýa 1999-njy ýylyň 30-njy aprelinde goşuldy. 2012-nji ýylda bolsa Aşgabatdaky Orhus merkezi esaslandyryldy. Merkeziň edarasy häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binasynda ýerleşýär.