Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçiriljek halkara maslahata gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçiriljek halkara maslahata gatnaşar

15-16-njy iýulda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Wehimler we mümkinçilikler ady bilen ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler we oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar. Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde geçiriljek halkara maslahata türkmen tarapyndan gatnaşjak wekiliýetiň düzümini tassyklady.

Halkara forum Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika, energetika, söwda, önümçilik, maýa goýum, täzeçil tehnologiýalar we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar.Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan, şol sanda birnäçe halkara guramalardan wekilleriň gatnaşmagy meýilleşdirildi.

Onuň çäklerinde söwda we ulag, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, sebitleýin howpsuzlyk ugurlary boýunça mejlisler geçiriler.Bular barada 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen Liderine beren hasabatynda aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Mewlüt Çawuşoglu Özbegistanda Saparda Boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Ýerli önümçiligiň berk binýady