Özbegistanyň Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa üçin DARYA (Ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket) sebitleýin taslamasynyň çäginde Ýokary derejeli ýolbaşçy düzümiň gatnaşmagynda üçünji mejlisi geçirildi. 4-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen Ýewropa bilim gaznasy (ÝBG) tarapyndan guralan çärä Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň bilim we zähmet ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Ýewropa Bilelşiginiň, halkara guramalarynyň we beýleki pudak edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistandan bu çärä Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň wekili we Bilim ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda DARYA taslamasynyň esasy üstünlikleri we bilimde hünär ugurlary boýunça durnuklylygy güýçlendirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasan hem zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk ukyplaryň ösdürilmegi, durnukly we inklýuziw bilimiň goldanylmagy, çeýe hünär derejeleriň ornaşdyrylmagy ýaly ugurlara üns berildi.
Mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar hökümetara dialogyň we sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin sazlşaykly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada bellediler. DARYA taslamasynyň çäginde geljekde durmuşa geçiriljek başlangyçlar üçin strategik teklipler hödürlenildi.
Bu çäre özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we Merkezi Aziýada hünär derejeleriň kämilleşdirilmekde hyzmatdaşlygyň Strategiýasynyň taýýarlanylmagy üçin möhüm meýdança boldy. Şeýle hem, Merkezi Aziýa sebitinde ýaşlar üçin zerur bolan häzirki zaman inklýuziw we durnukly bilim başarnyklarydyr ukyplary ösdürmekde DARYA taslamasynyň ähmiýeti aýratyn bellendi.