9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisiniň işine gatnaşýar.
Mejlisiň dowamynda Ýokary Komissaryň bosgunlar bilen bagly dünýädäki häzirki ýagdaý baradaky hasabatyna, Hemişelik komitetiniň bu babatdaky halkara goldawy we degişli maksatnamalary baradaky hasabatlaryna, şeýle hem mejlise gatnaşýan wekiliýetleriň hasabatlary diňlenilýär.
Türkmen tarapynyň çykyşynda bosgunlar, şol sanda, olary goramak we olara zerur bolan şertleri döretmek, olaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça meseleler babatynda ýurtlaryň BMG bilen, hususan-da, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň wajyplygy nygtaldy.
Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasaty, durmuşa geçirýän taslamalary we maksatnamalary, şeýle hem ýakyn gelejek üçin meýilleşdirilen çäreleri barada aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzda 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahat barada aýratyn belläp geçdi.
Bu babatda, Ýokary komissar Türkmenistanyň Hökümetine BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alyp barýan ýakyn hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirmek bilen, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sebit maslahaty baradaky başlangyjyny goldady.
Mundan başga, Ýokary komissar Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde bosgunlar we raýatsyzlyk bilen bagly ähli Konwensiýalara goşulan ýeke-täk döwlet bolup durýandygyny nygtady hem-de ýurdumyzyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrunda görkezýän işjeňligi we bu ugurda gazanan üstünlikleri barada aýratyn belledi.
Mejlis 13-nji oktýabra çenli dowam eder.