Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuwda geçirilýän COP29-a gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuwda geçirilýän COP29-a gatnaşýar

Baku şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisi (COP29) öz işinde başlady. Howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, COP29 howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy syýasaty ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdançalaryň biri bolup durýar.

Gatnaşyjy ýurtlar howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we energetika geçişini çaltlaşdyrmak barada pikir alyşarlar. Bu gezekki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, ýurtlar üçin howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmek bilen bagly täze ählumumy maksat kesgitlener.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär
Azerbaýjanyň paýtagtynda BMG-niň howa boýunça maslahaty dowam edýär
BMG: howanyň üýtgemegi ykdysadyýetleri heläkleýjä öwrülýär
Türkmenistan Baku şäherinde howanyň üýtegemegi boýunça “COP29” halkara maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine (COP29) gatnaşýar
Bakuda BMG-niň howa boýunça konferensiýasy başlaýar
ABŞ ekologiýa babatda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi