Türkmenistanyň wekili Daşkende suw baýlyklary boýunça okuwa gatnaşdy

Türkmenistanyň wekili Daşkende suw baýlyklary boýunça okuwa gatnaşdy

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Orazmuhammet Durdyýew 1-nji iýuldan 5-nji iýul aralygynda Daşkende geçirilen Merkezi Aziýada suw baýlyklaryny dolandyrmak atly okuwa gatnaşdy.

CentralAsia.news-iň berýän habaryna görä, okuw Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň (GIZ) sebitleýin taslamasynyň çäginde howanyň üýtgemeginiň täsirini göz öňünde tutýan toplumlaýyn çemeleşmäni ulanyp, Merkezi Aziýada suw baýlyklaryny dolandyrmakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen guraldy.

Şeýle hem bu taslama sebit we milli basseýn guramalarynyň suw baýlyklaryny dolandyrmak pudagyndaky hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Şuňa laýyklykda, taslama boýunça Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri we Germaniýanyň Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersiteti bilelikde degişli usulyýet maglumatlary işläp düzmäge başlady.

Ýene degişli makalalar

Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi
Islandlar zenan Prezidentiň adamsyna kim diýip ýüzlenmelidigini bilenoklar
Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik tussaglyga höküm edilmegini sorady
Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini sorady
Telekeçi zenan Tomasdottir Islandiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Türkmen suratçysy Türkiýede geçirilen foto-sammıte gatnaşdy