Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi

13 — 16-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Şeýle hem agzalan saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň agzalary bilen bilelikdäki duşuşygy, Ýaponiýanyň hökümet edaralary, guramalary we maliýe institutlary, şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we energiýa pudagynda, şol sanda uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Saparyň dowamynda birnäçe resminama gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries Ltd. kompaniýasynyň arasynda iki şertnama gol çekildi
Türkmenistanly talyplar 31-nji halkara matematika bäsleşiginde dürli derejedäki medallara mynasyp boldular
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy
10.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
20.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
19.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi