Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi habar bermegine görä, 31-nji awgustda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we bar bolan mümkinçilikler esasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, ýakynda Täjigistanda geçiriljek ýokary derejeli çäreleriň tertibi, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çägindäki daşary işler ministrleriniň ýygnagyna, şeýle hem 14-15-nji sentýabr günlerinde Duşanbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli wakalara taýýarlyk görlüşi bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine hem üns çekildi.