Şazada Saud Al Feýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň rektory Abdullah Al Salmanyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystanynyň wekilýeti türkmen-saud gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stoluň“ mejlisine gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.
Sapar pudaklaýyn ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň çäklerinde gurnaldy, ol 2016-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň barşynda tassyklanypdy. Dostlukly ýurduň wekilýetiniň saparynyň maksady—halkara gatnaşyklary ulgamynda hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem iş tejribesini alyşmakdyr.
Forumyň çäklerinde — Türkmen-saud ikitaraplaýyn gatnaşyklary, Ykdysady hyzmatdaşlyk (energetika, söwda we maýa goýumlary), Ylym we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlyk ýaly möhüm temalarda bölümleriň üçüsinde sapaklar geçildi. Söhbetdeşlikler köpugurly türkmen-saud özara hereketini diwersikasiýalaşdyrmagyň esasy ugurlary barada giňişleýin düşünje berdi.
Myhmanlar şeýle hem institutyň düzüminde döredilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy-usulýet merkeziniň işi bilen tanyşdylar, olar üçin türkmen diplomatiýasynyň taryhy nuzeýine gezelenç guraldy. DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynda myhmanlar bilen bilelikde türkmen-saud gatnaşyklaryna bagyşlanan telewizion gepleşik ýazgy edildi.
Saud Arabystanynyň wekilýeti üçin taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Döwlet muzeýiniň we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň tematiki bölümleri bilen tanyşdylar, türkmen tebigatynyň gözel ýerleriniň biri bolan Köwata ýerasty kölüne baryp gördüler.