Türkmenistanyň we Russiýanyň raýatlary Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alanlaryň sany boýunça lider boldular. Bu barada Türkiýäniň Migrasiýa müdirligi tarapyndan maglumat berildi.
Umuman, Türkiýede wagtlaýyn ýaşamak rugsadyndan 1,1 milliondan gowrak daşary ýurtly peýdalanýar. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň (109 müň) we Orsýetiň (100 müň) graždanlarydyr.
Türkiýeden wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny alanlaryň sany boýunça üçünji orunda Yrak raýatlary (90 müň) durýar. Soňra Eýranyň we Siriýanyň raýatlary (her birinden 79 müň) barýar. Ýaşaýyş rugsadyny Azerbaýjandan (68 000), Özbegistandan (52 000), Gazagystandan (43 müň), Owganystandan (41 müň), Ukrainadan hem (37 müň) adam alypdyr.
Türkiýäniň Migrasiýa müdirligi beýleki ýagdaýlar bilen birlikde, gysga möhletli ýaşamaga rugsatnamalaryň sanawynda, talyp-okuwçylaryň ýaşamaga rugsatnamalaryny, şeýle hem maşgalany birleşdirmek üçin berlen ýaşaýyş rugsadyny-da nazara alýar.
Türkiýede ýaşamaga rugsady bolan daşary ýurtlularyň köpüsi Stambulda hasaba alyndy (555 müňe golaý), Antalýada (116 müňden gowrak) we Ankarada (71 müňden gowrak) adam bar.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberde hüjümlere başlamagyndan soň, ruslar ýurtdan köpçülikleýin çykyp başlapdyr. "Bölekleýin" mobilizasiýa barada bildiriş edilenden soň, gidýänleriň sany has-da artdy. Rosstatyň maglumatyna görä, 2022-nji ýylda, Orsýetden 24 milliondan gowrak adam çykyp gidipdir. Bu bolsa 2021-nji ýyla garanyňda, üç milliona golaý köp.
Ruslaryň köpçülikleýin gidýän ýurtlarynyň biri-de Türkiýe boldy. Ýöne 2022-nji ýylyň martynda, türk häkimiýetleri ýaşaýyş rugsadynyň berilmegine çäklendirme girizip başladylar. 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryndan, ruslara ýaşaýyş jaýyny kireýine aljak bolýanlara syýahatçylyk ýaşaýyş rugsadyny köpçülikleýin ret edip başladylar. Şol bir wagtda, bu çäklendirmeleriň sebäpleri barada, resmi kommentariýalaryň deregine, ruslaryň köpüsine on günüň dowamynda, ýurtdan çykmak barada duýduryş berildi.
Türkmenistandan hem ykdysady krizisiň ýokary bolmagy we Berdimuhamedowlaryň ýöredýän režimi sebäpli raýatlar ýurtdan köpçülikleýin çykmaga mejbur bolýarlar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri köpçülikleýin emigrantlygy togtatmak maksady bilen Ankaradan, 2007-nji ýyldan bäri güýje girizilen türkmen raýatlaryna wizasyz giriş düzgünini ýatyrmagy soradylar.
Türkmen tarapynyň haýyşy boýunça 2022-nji ýylyň sentýabryndan, Türkiýäniň häkimiýetleri öňki düzgüni ýatyrdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.