TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ GAHRYMANY, KOSMOS IŞI BOÝUNÇA “ROSKOSMOS” DÖWLET KORPORASIÝASYNYŇ TÄLIMÇI-KOSMONAWT-SYNAGÇYSY, KOSMONAWTLAR TOPARLARYNYŇ SERKERDESI OLEG KONONENKONYŇ GUTLAGY

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ GAHRYMANY, KOSMOS IŞI BOÝUNÇA “ROSKOSMOS” DÖWLET KORPORASIÝASYNYŇ TÄLIMÇI-KOSMONAWT-SYNAGÇYSY, KOSMONAWTLAR TOPARLARYNYŇ SERKERDESI OLEG KONONENKONYŇ GUTLAGY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!

Gadyrly watandaşlar!

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty häzirki wagtda türkmen döwletliliginiň esasy daýanjy, Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we ylalaşyklylygyň kepili, türkmen halkynyň ençeme asyrlyk däp-dessurlaryna, taryhy ýoluna ygrarlydygynyň nyşanydyr.

Parahatçylyk söýüjilik, öňdengörüjilik, jogapkärçilik, ähli hereketleriň Watanyň bähbitleri bilen sazlaşmagy Halk Maslahatynyň işiniň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar.Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe sanlyja gün galdy. Meniň eziz Watanym Türkmenistanyň ýylsaýyn ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyna, ykdysadyýetini berkidýändigine, ägirt uly durmuş ugurly maksatnamalary amala aşyrýandygyna, täze şäherleri gurýandygyna, ylmy, bilimi, sporty ösdürýändigine uly buýsanç bilen syn edýärin. Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde belent abraýdan we hormatdan peýdalanyp, öz möhüm halkara başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagyny gazanýar.

Türkmenistanyň kosmos pudagynda gazanýan üstünlikleri meniň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdy tehnologik taýdan ösen döwletleriň hataryna goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa meniň işim barada edýän yzygiderli aladalary, berýän ünsi, goldawy hem-de ýürekdeşligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Sizi Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, biziň Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, asmany hemişe asuda we parahat bolsun!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalara gol çekildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Aşgabadyň banklarynda aýal-gyzlardan ýaşyl reňkdäki milli geýimi geýmek talap edilýär
Parahat 7-niň ýaşaýjylary ýerzeminlerde lagym suwlarynyň üýşmeginden zeýrenýär
ABŞ Ýaponiýa 3,64 Milliard Dollarlyk Ýarag Satar
ABŞ Russiýa we Eýran bilen arabaglanşykly bolan käbir adamlary we toparlary sanksiýa sanawyna aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny