Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklara gol çekildi

Hatarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri bolan türkmen wekilýeti Rumyniýada iş sapary bilen boldy. Ýurdumyzyň wekilleri Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginde we Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.Hususan-da, iki ýurduň Bilim ministrlikleriniň arasynda 2017-2022-nji ýyllara Hyzmatdaşlyk hakynda maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem bilim we ylmy barlaglar ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekilýetiň agzalary kärdeşleri Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirdiler.

Türkmen wekilýeti saparyň çäklerinde Braşowda geçirilen Rumyniýanyň Rektorlar geňeşine we Braşow şäheriniň Transilwaniýa Uniwersitetiniň döredilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara: Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Carol Davila adyndaky Medisina we farmasewtika uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instittuty bilen Braşow şäheriniň Transilwaniýa Uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Esasy ylalaşyga; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instittuty bilen Buharestiň ykdysady ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlykda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; S.A.

Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti bilen Ýassy şäheriniň Ion Ionescu de la Brad Oba hojalyk ylymlary we weterinariýa medisinasy uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, wekilýet Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda, Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri kitaplary bilen tanyşdyrylyşa gatnaşdy. Çäräni ýurdumyzyň Ilçihanasy Rumyniýanyň DIM-niň Diplomatiýa instituty bilen bilelikde gurady.

Ýene degişli makalalar

29.10.2018 | Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi
31.01.2019 | Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim
26.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary