TÜRKMENISTANYŇ WE RF-NYŇ ARASYNDA MALIÝE MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

TÜRKMENISTANYŇ WE RF-NYŇ ARASYNDA MALIÝE MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň Russiýanyň eksport-import banky PJ-niň, Russiýa Federasiýasynyň ВЭБ döwlet ösüş korporasiýasynyň, Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň, Sberbank AGPJ-niň hem-de Transkapitalbank bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Mundan başga-da saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow Russiýa Federasiýasynyň Statistika baradaky Federal döwlet gullugynyň ýolbaşçysy P.Malkow bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň arasynda maýa goýum we innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar maliýe ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň mükinçilikleri babatynda pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
Azyk önümlerini öndürýän AGPJ-leriň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek teklip edildi
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Türkmenistan Hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär