Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen onlaýn-gepleşikler geçirdi.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenhimiýa we Türkmennebit Döwlet konsernleriniň, Türkmendeňizderýaýollary hem-de Türkmenawtoulaglary agentlikleriniň ýolbaşçylary, Tatarystan tarapyndan döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem wideo-duşuşyga ýurdumyzyň Kazandaky Baş konsuly A.
Baýramow gatnaşdy.Onlaýn-gepleşiklerde taraplar işjeň ösdürilýän köpugurly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen RF-iň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini we oňyn häsiýete eýedigini bellediler. Şu jähtden Türkmen-tatarystan Yksysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň ähmiýeti bellenildi.
Hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda Tatarystan Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bolan КАМАЗ APJ, Татнефть APJ, Казанский вертолетный завод APJ, Ак Барс Gämi gurluşyk korporasiýasy (A.M.Gorkiý adyndaky Зеленодольский завод), Комплексное энергоразвитие - Холдинг (TEÖ - Holding) Dolandyryjy kompaniýasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýa tarapy nebit-himiýasy we gämi gurluşygy ýaly pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa gçirmäge gyzyklanma bildirdi, şeýle hem Türkmenistana täze awtomobil hem-de dikuçar tehnikalaryny ibermäge, oba hojalyk işlerine gözegçilige we seljermäge intellektual ulgamy döretmäge, skwažinalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdi.
Medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, hususan-da, türkmen ýaşlaryndan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamaga iki tarapyň hem gyzyklanýandygy beýan edildi.