Türkmenistanyň we RF-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular

Türkmenistanyň we RF-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular

20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söhbetdeşlikde özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy diýip, çeşme belleýär.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna täze ilçi belländigini habar beripdik. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew bellenilip, ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

5-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen diplomaty GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy
E.Aýdogdyýew RF-iň DIM-niň orunbasaryna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
Moskwada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyrylyşdy
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal