3-nji iýulda Aşgabada Owganystanyň prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi sapara geldi.
Taraplaryň giňişleýin düzümdäki duşuşyklary tamamlanandan soň ikitaraplaýyn dokumentelere gol çekildi:
Ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Jowuzjan uniwersitetiniň (Owganystan Yslam Respublikasy) arasynda Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2018-2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna;
Owganystan Yslam Respublikasynyň Badhyz we Jowuzjan welaýatlaryna türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga;
Haly senagatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
Halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
Türkmen-owgan döwlet serhedinden Ymamnazar-Akina stansiýalarynyň arasynda demir ýol gatnawyny guramagyň Kadalaryna;
Türkmen-owgan döwlet serhedinde halkara demir ýol geçiriş ýeri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.