Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary türkmen karbamidiniň eksportyny we Hytaýa akdyrylýan gazy köpeltmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary türkmen karbamidiniň eksportyny we Hytaýa akdyrylýan gazy köpeltmegi maslahatlaşdylar

14-15-nji iýulda prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet saparyny etdi.

14-nji iýulda onuň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk we giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi. Onuň ikinjisinde söwda, senagat, suwy peýdalanmak şeýlede elektrik energiýa we gaz akdyrmak barada gürrüň edildi.

Bu barasynda mundan owal Özbek prezidentiniň metbugat gulllugy maglumat berdi.

TDH täzelikler gullugynyň habaryna görä, iki prezident Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlaşdylar we kiçi Berdimuhamedow “26-nji iýulda Owganystana bagyşlanyp Daşkentde geçirilmegi meýilleşdiirlýän ýygnagyň möhümdigini belledi”.

Şeýlede ol özbek özbek tarapyna türkmen kärhanalarynda öndürilýän karbamidiň daşary ýurtlara eksportynyň mümkinçiligini öwrenmegi şeýlede Türkmenistanyň çäginde ýod, brom we natriý sulfatynyň önümliçligini gurnamagy teklip etdi.

Şonuň ýalyda, kiçi Berdimuhamedow Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijini ýatlatdy we özbek tarapy bilen birlikde häzirki energiýa berilişini ösdürmäge we onuň tranzitini giňeltmäge seretmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy.

Özara haryt dolanşygyna degen prezident geçen 5 aýda iki ýurdyň arasynda 15 müň sany ýük wagonlarynyň we 17 müňden gowrak ýük ulaglarynyň gatnandygyny habar berdi.

Şeýlede Türkmenistanyň Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňizi boýunça ulag ýoluny ösdürmek üçin bilelikdäki işlere kömege taýýardygy, soňra Gara deňiz portlaryna çykmagy we Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar ulag ýoluny tiz wagtda durmuşa geçirmegi göz öňünde tutulýandygy bellendi.

Kiçi Berdimuhamedow Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň gurluşygynyň tamamlanýandygyny habar berdi we şu ýyl Daşoguzda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmegi teklip etdi.

Gepleşiklerden soňra iki prezdent KHS-niň öňünde çykyş etdiler we Mirziýoýew “dosty we dogany Halk Maslahatynyň başlygy Berdimuhamedowyň türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga önjeýli goşandyny belledi” diýip TDH ýazýar.

Şonuň ýalyda, soňky ýyllarda iki ýurdyň arasynda haryt dolanşygynyň 5 esse artandygy we ony şu ýylyň ahyryna çenli 1 milýard dollardan gowraga ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellendi.

Kiçi Berdimuhamedow kärdeşi Mirziýoýewi özüne amatly wagtda Türkmenistana resmi sapara çagyrandygyny habar berdi.

Saparyň resmi bölüminden soňra Berdimuhamedow hormatly myhmanlar üçin “Kuksaraý” döwlet rezidensiýasyndaky Alleýa agaç dikdi.

Ol saparynyň ikinji güni Samarkanda sapar etdi.The post Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary türkmen karbamidiniň eksportyny we Hytaýa akdyrylýan gazy köpeltmegi maslahatlaşdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz üpjünçiliginde öňdebaryjylygy eýeleýär
Aşgabat Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyna seretmäge taýýar
“Lebapgazçykaryş” 10 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi
“Lebapgazçykaryş” müdirligi 2 milliard kubmetrden gowrak gaz öndürdi
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi