Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-i Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny kabul etdiler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-i Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny kabul etdiler

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekildi. Resminama iki ýurduň daşary işler ministrleri gol çekdiler.

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada saparynyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.Taraplar sebitleýin hyzmatdaşlyga, şol sanda halkara guramalaryndaky gatnaşyklaryna aýratyn üns bermek bilen ikitaraplaýyn gün tertibine degişli wajyp meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Suw serişdelerini ulanmak ulgamynda bilelikdäki hereketleriň giňeldilmegi bilen birlikde, ekologiýa tematikasy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.Energetika, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem seredilip geçildi.Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýagdaýyna seredip geçdiler, bu ugurda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-özbek toparynyň derwaýyslygy bellenildi.

Diplomatlar saglygy goraýyş ulgamy bilen birlikde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleri guramagyň, şol sanda iki ýurduň taryhy-medeni mirasynyň saklanylmagy we ýaýbaňlandyrylmagy boýunça işleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
В ТУРКМЕНИСТАН С РАБОЧИМ ВИЗИТОМ ПРИБЫЛ МИНИСТР ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ РЕСПУБЛИКИ УЗБЕКИСТАН
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI IŞ SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY