Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Daşkentde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we strategiki hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we güýçlendirmek barada bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Iki günlük resmi sapar bilen Daşkende gelen Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistanyň paýtagtynda ýerleşýän “Kuksaroý” Prezident köşgünde resmi kabul ediş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygyndan soňra, iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda hem giňişleýin maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň Serdar Berdimuhamedowyň ýurda amala aşyran ilkinji saparyna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap, şu günki duşuşygyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa açjakdygyna ynam bildirdi.
Taraplar söwda-ykdysady, nebit-gaz, energetika, himiýa, awtoulag, dokma, derman senagaty, azyk, oba hojalygy, senagat we ulag pudaklaryndaky ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli gepleşikleri geçirdiler. Şeýle-de duşuşykda sebitdäki meseleler, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilelikdäki Beýannama gol çekilenden soňra iki ýurduň ministrlikleriniň we bölümleriniň ýolbaşçylary Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 19 sany ylalaşyga gol çekdiler. Ol resminamalar şulardan ybaratdyr:
Gol çekilen beýleki resminamalaryň hatarynda himiýa senagaty, gümrük, demir ýol, tokaý hojalygy, muzeýler, adalat, ýaşlar syýasaty, teleýaýlym we radio ýaýlymlary, ylmy-tehniki we daşary gatnaşyklar bardyr.