Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,8 göterimini Türkmenistandan we Gazagystandan iberilen nebit düzdi.
Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, Interfaks-Azerbaýjan habarlar agentliginiň geçen anna güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi.
Kuwwaty 50 million tonna bolan Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe nebit geçirijisiniň uzynlygy 1,768 müň kilometre barabardyr. BP, SOCAR, MOL, Equinor, TPAO, ENI, Itochu, ExxonMobil, INPEX, TotalEnergies hem-de ONGCVidesh bu taslamanyň paýdarlary bolup durýarlar.
Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 4 million 725,1 müň tonna deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 2,1 göterim ýokarydyr.
Daryo web sahypasynda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda türkmen nebitiniň Hazar deňziniň üsti bilen daşalmagy güýçlendirildi.
Napeco türkmen kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolan Vitol halkara treýderi Azerbaýjanyň SOCAR döwlet nebit kompaniýasy bilen Türkmenistandan her ýyl daşalýan önümiň mukdaryny 1,0 million tonna ýetirmek barada ylalaşdy — diýlip, çeşmede beýan edilýär.