Türkmenistanyň we Gazagystanyň dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ynam bildirilýär

Türkmenistanyň we Gazagystanyň dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ynam bildirilýär

Ozal hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama hem gol çekildi. Institutyň rektorynyň Türkmenistan gazetinde çap edilen makalasynda bu Şertnamanyň geljegine uly ynam bildirilýär.

Makalada ýazylyşy ýaly, 81 ýyllyk taryhy bolan Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersiteti bilim bermek işinde taryhy tejribe bilen döwrüň gazananlaryny sazlaşdyryp, saýlap alan hünäri boýunça başarjaň hünärmenleri taýýarlaýan abraýly bilim ojaklarynyň biridir.

Ol Gazagystanyň iň abraýly bäş uniwersitetiniň arasyndaky ornuny uzak ýyllardan bäri saklap gelýär.Bu ýerde dünýä dilleriniň 11-si boýunça ýaşlara bilim we hünär berilýär.

Adyndan görnüşi ýaly, uniwersitetde halkara gatnaşyklar dünýä dillerini öwrenmek bilen sazlaşdyrylýar.Uniwersitet abraýly halkara düzümleriň ençemesiniň agzasydyr.Olaryň arasynda Halkara uniwersitetler birleşigi, Halkara frankofon uniwersitetleriniň birleşigi, Ýokary okuw mekdepleriniň Halkara ylymlar akademiýasy, Halkara gatnaşyklar boýunça uniwersitetleriň birleşmesi ýaly abraýly düzümler bar.

Uniwersitet Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-den daşgary hem Bakuwyň slawýan, Ýerewanyň B.Ý.Brýusow adyndaky döwlet lingwistika, Wena, Burgenland amaly ylymlar, Minsk döwlet dil, Belarus döwlet ykdysady, Witebsk döwlet tehnologiýa, Mogilýowyň A.A.Kuleşow adyndaky döwlet uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Biziň bilim ojagymyzyň sebitiň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy bilelikde iş alyp barmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Ýeri gelende, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň daşary ýurtlaryň bilim ojaklary bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda baý tejribe toplandygyny aýdyp bileris. Häzirki wagtda Maşat şäheriniň Ferdöwsi adyndaky uniwersiteti, Özbek döwlet dünýä dilleri uniwersiteti, Koreýa Respublikasynyň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersiteti, Germaniýanyň Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersiteti, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary şu ýyl Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahatyna, Bilim innowasiýalary atly halkara webinara, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde geçirilen Dialog — parahatçylygyň kepili atly onlaýn maslahata, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan onlaýn usulda Silwo Bigonyň geçirmeginde Onlaýn arkaly fransuz dilini başlangyç derejesinde öwretmegiň usullary atly maslahata, Ýaponiýanyň Bilim, sport, medeniýet we tehnologiýa (MEXT) ministrliginiň döwlet grantlary bilen tanyşdyryş çäresine, Türkmenistanda italýan keramikasy gününe bagyşlanyp, onlaýn görnüşde dizaýner, arhitektor Kýara Morettiniň geçirmeginde Täzelenme.

Durnukly geljek üçin dizaýn we täze tehnologiýalar atly umumy sapaga, Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň lektorlary Gerwin Maag we Raýmond Zelka tarapyndan guralan DAAD maksatnamasynyň wezipeleri we bilim almak mümkinçilikleri atly tanyşdyryş çäresine, koreý dilinde suhangöýlik boýunça 13-nji bäsleşige we beýleki çärelere gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde ussatlyk sapaklary guraldy
Halk Maslahatynyň mejlisinde 'halkyň hakyky meseleleri gün tertibine getirilmedi'
Dekolonizasiýa sapaklary: Işlenmedik öý işleriniň bahasy näçe bolýar?
Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi
“Azatlykda” özüni tapan’ žurnalist
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi