9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Gazagystan tarapyna bolsa, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ý.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy.
Iki ýurduň Merkezi Aziýa+ formatlardaky, şeýle hem halkara we sebitara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazak tarapyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň goldanylýandygy we BMG-niň çäklerinde kabul edilen kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.
Taraplar dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligi we Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek zerurlygy bellendi.
Şunuň bilen birlikde, taraplar bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen anyk taslamalaryň durmuşa geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Hususan-da, 8-nji oktýabrda geçirilen Türkmen-Gazak işewür geňeşiniň mejlisiniň netijeli häsiýeti bellenildi.
Ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ýaly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine hem garalyp geçildi. Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek baradaky meýillerini tassykladylar.