Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baş diplomatlary ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baş diplomatlary ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar

8-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow Astana iş saparynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşdy. Bu hakda Gazagystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Gazak-Türkmen hyzmatdaşlygynyň döwlet we syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energiýa we medeni-ynsanperwer ugurlardaky geljegi, şeýle hem ýakynda iň ýokary derejede geçiriljek halkara çäreleriň iş tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Murat Nurtleu Raşit Meredowy Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Astanada türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligiň açylmagy bilen gutlady.

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Ýene degişli makalalar

Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Gazagystan we Türkmenistan transport koridorlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak barada ylalaşdylar
Hakan Fidan Gazak Kärdeşi Bilen Duşuşdy
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Çenduda duşuşarlar
Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär