Gagauzinfo tarapyndan berilýän habara görä,şu gün Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew Moldowanyň Gagauz awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Irina Wlah bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi.
Gepleşikleriň çäginde Türkmenistan bilen Gagauziýanyň arasynda senagat taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gagauz we türkmen halklary dil we medeniýet taýdan biri-birine ýakyn. Ynsanperwer meseleler boýunça hyzmatdaşlykda hem baý tejribämiz bar. Biz bu mümkinçilikleriň hemmesini ulanmaga gyzyklanma bildirýäris. Gagauziýanyň ösýän senagat mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, aragatnaşygy güýçlendirmek, uzak möhletleýin ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak we ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmek isleýäris diýip, gepleşikleriň barşynda Gagauziýanyň ýolbaşçysy belledi.
Şeýle hem Irina Wlah 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Gagauziýanyň Çişmikoý obasynda çagalar bagynyň gurlandygyny aýdyp, munuň üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi.
Taraplar dünýädäki ykdysady ýagdaýlara uly täsir eden koronawirus çökgünligine garşy göreş barada hem pikir alyşdylar.
Ilçi Toýly Ataýew öz gezeginde Türkmenistanyň Gagauziýa awtonomiýasy bilen köptaraplaýyn gatnaşyklara mundan beýläk hem taýýardygyny aýtdy.