Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň ikinji Gurluşlaýyn dialogy başlandy

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň ikinji Gurluşlaýyn dialogy başlandy

Şu gün, 22-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikinji Gurluşlaýyn dialog başlandy.

Bu maslahatlaşmalarda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, britan wekiliýetine bolsa Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygynyň orunbasary Jastin Makkenzi Smit ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebit syýasaty, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de adam ölçegleri ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň halkara giňişlikdäki, hususan-da BMG-niň çygryndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň zerurlygy nygtaldy. Bu ýerde abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy bellenildi. Şeýle hem taraplar Owganystandaky ýagdaý boýunça iki ýurduň çemeleşmeleri barada pikir alyşdylar we terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynynyň häzirki ýadaýyna syn berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly özara söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy boýunça geljekki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy hem-de Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny guramagyň mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy.

Ertir, 23-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary ýurt edaralarynyň arasynda geçirilýän Gurluşlaýyn dialog öz işini dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Forsaž 10-na Jastin Liniň deregine Lui Leterýe režissýorlyk eder
Forsaž 10 režissýorsyz galdy