Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi

Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi

2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Milli Mejlisiniň Wekiller Geňeşiniň Başlygy Fawziýa Zaýnalyň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň başynda gatnaşyklarda ýetilen sepgitler barada pikir alşyp, taraplar dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine seretdiler. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti hem-de kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gepleşikleriň wajyplygy nygtalyp geçildi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin köptaraply potensialyň bardygy nygtaldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen belläp, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy hakynda nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary Parlamente saýlawlaryň deslapky netijesini yglan etdi
Watanymyzyň Bitaraplygy — halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine
Türkmen-bahreýn parlamentara gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň we Bahreýniň Mejlisleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi
TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGI