Türkmenistanyň Watikandaky ilçisi Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Watikandaky ilçisi Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

7-nji dekabrda Mukaddes Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Mukaddes Tagtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wepa Hajiýewiň Rima Papasy Fransiska ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabara Rim Papasy Fransiskiň ýüzlenmesi bilen başlandy.Ol global kynçylyklary çözmekde diplomatiýanyň esasy ornuny nygtady.Rim Papasy Mukaddes Tagtyň oňyn bitaraplyk ýörelgesine ygrarlydygyny nygtady.Gysga söhbetdeşligiň başynda ilçi Wepa Hajiýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Rim Papasy Fransiskiň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirmekde iki ýurduň çemeleşmeleriniň meňzeşligi bellenildi.

Rim Papasy ýagşy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Şol gün ilçi Wepa Hajiýew Watikanyň Döwlet sekretary, kardinal Pýotr Parolin bilen hem duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda syýasy we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Watikandaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy
Papa Fransisk Türkiýä Sapar Guramagy Meýilleşdirýändigini Aýtdy
Rim Papasy 7-nji oktýabry parahatçylyk üçin doga okalyş güni diýip yglan etdi
Baýden, Papa Fransisk we Netanýahu Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Rim Papasy žurnalistikanyň esasy ýalňyşlyklaryny sanady