Türkmenistanyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary öýjükli telefon aragatnaşygynyň bolmazlygyndan zeýrenýärler

Türkmenistanyň alysdaky regionlarynyň ýaşaýjylary obalarda öýjükli aragatnaşyk hyzmatynyň bolmazlygyndan zeýrenýärler.Etrap merkezlerinden 10-15 kilometr aralykda hem aragatnaşyk hakykatda ýok.Adamlar telefon etmek üçin antennalaryň ýerleşýän ýerleri bolan etrap merkezlerine ýa iri şäherlere tarap ýola düşmeli we diňe durnukly signal peýda bolanyndan soň jaň edip, hat ýazyp ýa ýazylan haty alyp bilýärler.

Internetden peýdalanmak barada bolsa sözem ýok.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň obalarynyň, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň obalarynyň, şeýle-de Repetek, Üçajy, Zähmet ýaly, Mary bilen Aşgabadyň aralygynda ýerleşen şäherçeleriň, Daşoguz welaýatynyň Gözogly etrabynyň (ozalky Tagta) Bedirkent, Gurbansoltan eje etrabynyň (ozalky Ýylanly) Düýeji obalarynyň ýaşaýjylary indi köp wagt bäri bu hili problemalaryň ejirini çekýärler.

“Diňe käte, gijäniň birmahallary, mobil telefonlaryndaky signalyň derejesi biraz beýgelýär we şondan jaň edip bolýar. Emma gürrüň kän uzaga çekmän, birnäçe sekuntdan kesilip-de bilýär” diýip, obalaryň biriniň ýaşaýjysy “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna gürrüň berdi.

Döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri 15-nji noýabrda “ýakyn wagtda uzak aralykdaky we çaklaňja obalaryň hem internet we mobil telefon aragatnaşygy bilen üpjün ediljekdigini” habar berdi, emma bu ulgamlaryň haýsy regionlara we anyk haçan eleýetrli ediljekdigini, bu işiň amala aşyryljak möhletini anyklaşdyrmady.

Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň noýabrynda Yslam Ösüş banky bilen kredit ylalaşygyna gol çekilip, Türkmenistana ýurtdaky interneti ösdürmek taslamalary boýunça 20 ýyllyk möhlet bilen $273 million serişde bölünip berildi.

“Altyn Asyr” döwlet operatory häzirki pursatda Türkmenistanyň mobil aragatnaşygy bazarynda monopolist bolmagynda galýar

Orsýetiň “MTS-Türkmenistan” operatory 2017-nji ýylyň sentýabrynyň aýagynda, Türkmenistan ýygylyklary ulanmak ygtyýarlyklarynyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrandan soň, öz işini togtatdy

MTS iýulda Türkmenistanyň üstünden şikaýat edip, inwestisiýa dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkeze ýüz tutdy.

Operator öz ýitgilerini $750 million möçberinde kesgitledi.Muňa jogap edip, türkmen tarapy MTS-i psihologiki basyşda aýyplady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar
“Blade Runner 2049”
Türkmenistanyň prezidenti gara awtomobilde awiabaza baryp, harby dikuçary synag etdi (foto)
MTS Türkmenistany suda berýär. Kompaniýanyň çeken zyýany $750 mln
MTS we Türkmenistan Halkara arbitražynda arbitrini kesgitledi