
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek, tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ýaly meseleleri çözmek boýunça ylmy barlag işleri alnyp barylýar.Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Uniwersitetde bu babatda alnyp barylýan işler diňe bir ýurtda däl, eýsem dünýäde ýokary bahalara mynasyp bolýar.Munuň şeýledigine uniwersitetiň UI GreenMetric World University sanawyndaky üstünligi hem şaýatlyk edýär diýlip, habarda bellenilýär. 2024-nji ýylda dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak ýaly ugurlarda alyp barýan işlerini bahalandyrýan UI GreenMetric World University sanawynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti geçen ýyldaky görkezijiden 104 orun öňe saýlanyp, 328-nji orny eýeledi.
Sanawda uniwersitetiň jemi gazanan baly 7400-e deň bolup, ugurlar boýunça aşakdaky görnüşde boldy:
Bu üstünlik Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerde-de, döwlet derejesinde-de ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda ylmy we bilimi ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.