Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynda 545 million manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdiriler

Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynda 545 million manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ahyryna çenli TürkmenbaşyFarap we AşgabatDaşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda 545 million 55 müň manatlyk düýpli maýa goýumlarynyň özleşdiriljekdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda belläp geçdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýurtda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribäniň toplanandygyny aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmelidigini nygtady.

“Senagat marketingini, halkara bazarlaryna çykmagyň, bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Arkadag şäherini 2024 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda şu ýyl ýurduň önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
HAZAR TÄSIN TEBIGY BAÝLYK
Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Gahryman Arkadagymyzyň ýolunyň dowamaty
Türkmen alymlary ýerli çig maldan tehniki duz kislotasyny öndürmek üçin täze tehnologiýa döretdiler