Maýa goýum dawalaryny çözýän halkara merkez (ICSID) Bütündünýä bakynyň toparlaryna girýän arbitraž Türkmenistan babatda täze iki sany işi hasaba aldy diýip, Гундогар saýty habar berýär.
Türkiýäniň “Sece Inşaat” we Germaniýanyň “Unionmatex Industrieanlagen GmbH” maýa goýum kompaniýalary türkmen tarapy babatdaky nägileliklerini bildirdiler. Iki şikaýat hem Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda baglaşan şertnamalarynda öz üstüne alan borçlaryny bozmagy bilen bagly.
Şikaýatlaryň anyk mazmuny häzirlikçe mälim däl.
Maýa goýum dawalaryny çözýän halkara merkez Türkmenistan bilen bagly ýene üç işe, Türkiýäniň “Lotus” we “Sehil” gurluşyk kompaniýalarynyň, şeýle-de Orsýetiň öýjükli telefon aragatnaşygy operatory MTS-iň şikaýatlaryna seredýär.