Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-de geçiren ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-de geçiren ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) ýerli “Fursah Hispania FC” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Said Seýidowyň tälim berýänleri geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 4:3 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ýaşlar ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Süleýman Mirzoýew, Daýanç Meredow, Galabeg Jumamyradow hem-de Söhbet Durdyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýaşlar ýygyndymyz okuw-türgenleşiginiň dowamynda 7-nji sentýabrda ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Geçirilen bije çekişlikde “D” toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Ýoldaşlyk duşuşygy, BAE

Turkmenistan (U20) “Al Fursan Hispania” (BAE) 4:3 Gollar: 2 Süleýman Mirzoýew, 7 Daýanç Meredow, 79 Galabeg Jumamyradow, 87 Söhbet Durdyýew 10, 68, 77 Al Fursan

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-däki ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda hem ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň BAE-de geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
CAFA Futsal Cup-2023-e Türkmenistandan kimler gatnaşýar?
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
13-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti