Türkmenistanyň U-20 ýaşlar ýygyndysy Amman şäherine ugrady

Türkmenistanyň U-20 ýaşlar ýygyndysy Amman şäherine ugrady

Türkmenistanyň futbol boýunça U-20 ýaşlar ýygyndysy Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşigi tamamlanandan soň Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynyň geçirilýän ýeri bolan Amman (Iordaniýa) şäherine ugur aldy.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Geçirilen bije çekişlikde “D” toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy BAE okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdi
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň BAE-de geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-de geçiren ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-däki ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda hem ýeňiş gazandy