Türkmenistanyň Turan çöllerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça işler geçirildi

Türkmenistanyň Turan çöllerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça işler geçirildi

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkow gaznasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasyndaky Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (СADI)

— Türkmenistanyň çöllerini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak atly bilelikdäki taslamanyň çäginde köp sanly ylmy-barlag işleri geçirildi.

Hususan-da, Gündogar, Merkezi we Demirgazyk Garagum çölüne meýdan ekspedisiýalary guraldy. Bu ekspedisiýa döwründe biodürlüligiň sanawy geçirildi hem-de çöl eko ulgamlary barada ylmy maglumatlar täzelendi we goraghanalary dolandyrmaklyk meýilnamalaryny düzmeklik üçin zerur maglumatlar ýygnaldy.

Repetek, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet goraghanalarynyň işgärleri taslama işjeň gatnaşýarlar.Meýdan gözlegleriniň netijelerine esaslanyp, çölleriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ylmy hasabatlary we täzelenen sanawlary taýýarlandy.Ekspedisiýalaryň maglumatlary Merkezi Aziýanyň çöl eko ulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemeklik üçin Aram guşaklygynyň Turan çölleri” taslamasynda ulanylar.

Bu ekspert taslamasynyň hünärmenleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetine hödürlenen transmilli obýektiniň gysgaça mazmunyny (deslapky sanawy) taýýarladylar.

Merkezi Aziýanyň Turan çölleri aýratyn howa şertleri we täsin görnüşleriň dürlüligi bilen häsiýetlendirilýär. Ýöne muňa garamazdan, ol Halkara Tebigaty Goramak Bileleşiginiň (IUCN, 2020) geçiren ylmy-barlaglaryna görä, Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasy boýunça dünýä ähmiýeti iň az görkezilen biomlaryň hataryna girýär.

Bu ýyl ekspert taslamasynyň hünärmenleri, Turan çöllerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmaklyk üçin transmilli dalaşgärligi döretmeklik ýaly birnäçe çäräni durmuşa geçirerler.

Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (СADI) — Türkmenistanyň çöllerini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak atly taslamasy 2019-njy ýylda başlandy we Graýfswald uniwersiteti hemňde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa sebitleýin bölümi bilen bilelikde iki ýyldan bäri durmuşa geçirildi.

Türkmenistan: Altyn asyr web sahypasyna görä, taslamanyň işi bar bolan çöl goraghanalarynyň çägini dolandyrmagy we giňeltmegi, bilelikdäki meýdan gözleglerine tehniki goldaw bermegi, ätiýaçlyk işgärlerini taýýarlamagy we şuňa meňzeş işleri öz içine alýan çäreleri durmuşa geçirmegi baş maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Sebitiň çöllük ekologik ulgamy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlenilýär
Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Ýaşyl tehnologiýalar - halk hojalyk toplumyny ösdürmekde ileri tutulýan ugur
Halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda Garagumuň ekoulgamyny saklap galmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Petdelikleri saklap galmak boýunça türkmen-german taslamasy durmuşa geçirilip başlandy
Halkara ekologiýa forumuna gatnaşyjylar pikir we tejribe alyşdylar