Türkmenistan wagtal-wagtal Türkiýeden ýörite uçar gatnawlaryny gurnaýar.Emma,olar öýlerine dolanmak isleýänler üçin ýetmezçilik edýär.Her uçar gatnawynyň öň ýanynda uçara münmek umydy bilen köpsanly türkmen raýatlary Stambuldaky uçar meýdanyna barýarlar.
Köplenç bu goh-galmagallaryň, tutha-tutluklaryň döremegine sebäp bolýar.Golaýda şeýle oňaýsyz ýagdaýlar barada sosial ulgamlarda wideoýolar peýda boldy.
Sosial ulgamlarda raýatlaryň ýazmaklaryna görä, 17-nji iýulda Stambul howa menzilinde Türkmenistan howaýollarynyň” bilet satýan kassasynyň töwereginde dörän goh-galmagallar netijesinde, türk polisiýasy raýatlary köşeşdirdi.
Uçara münüp bilmedikler gygyryşyp, närzalygyny beýan etdiler diýip “TH-niň” jurnalistleri bilen gürrüňdeş bolanlar aýdýarlar.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, häzir Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy Eýran arkaly awtobus bilen öýlerine dolanmaklaryny raýatlaryna teklip edýärler.
Diplomatiýa wekilhanasynyň işgärleri raýatlaryň sanawyny düzýär we olary migrasiýa hem serhet gulluklaryna berýär, olaram tranzit eýran wizasyny alýarlar we awtobuslaryň gatnawyny gurnaýarlar. Bu hyzmat üçin 400 dollar tölemek zerur.
Kada boýunça, resminamalary taýýarlamak 7-10 güne çekýär. Soňra olary 15 adamlyk kiçi awtobuslar bilen öýlerine ýollaýarlar.Olar öýüne gelenden soňra, karantinda galmaly.
Goşmaça: Nobatdaky awtobus Stambuldan 22-nji iýulda ir sagat 10.30-da bar.Ol türk-eýran serhedini Wan welaýatyndan geçýär we eýran-türkmen serhedini Ahal welaýatyndaky Saragt geçelgeden aşýar.
Barlag-geçiş nokady 1-nji iýundan açyk.Raýatlaryň nirede karantinda galjakdygyny anyklamak entek mümkin däl.The post Türkmenistanyň Türkiýedäki konsulhanasy Eýran arkaly awtobus bilen öýlerine dolanmagy raýatlaryna teklip edýär (Wideýo) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.