Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy ölenleriň jesetlerini ýurduna ibermäge kömek bermekden ýüz öwürýär

Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň esasy iş gözleýän ýurtlarynyň biri bolup durýar. Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň anyk sany belli däl, ýöne ozal habar berilmegine görä, diňe şu ýylyň mart aýynda Türkiýä 22 672 türkmenistanly gitdi.

Türkmen ilçihanasy kyn ýagdaýa düşen türkmenistanlylara kömek bermeýär. Esasy köp duşýan problemalaryň biri Türkiýede ýogalan migrantlaryň jesetlerini watanlaryna ugratmak bolup durýar. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, ilçihananyň işgärleri bu hili kömek soranlaryň ýüzüni almakdan, olara haýbat atyp, gorkuzmakdan hem gaýtmaýarlar.

Mysal üçin, 5-nji aprelde Türkiýede ýük maşyn sürüjisi, Lebap welaýatyndan gelen Gurban ýüreginden tutup, 52 ýaşyndan aradan çykdy. Stambuldaky türkmen konsullygynyň bir işgäri onuň jesedini Türkmenistana ibermek barada kömek sorap ýüz tutanlara munuň öz problemalary däldigini aýtdy.

Siz bu ýerde bizi ajaýyp ýurdumyzy masgara edýärsiňiz! Pul ýygýarsyňyz! Munuň üstesine çykdajyny ýene döwletiň çekmegini isleýärsiňizmi? diýip, diplomat aýtdy.

Ölümiň sebäbini anyklamak üçin jesedi meýithanada 9-njy aprele çenli sakladylar. Munuň üçin merhumyň ildeşleri 1600 türk lirasyny ($270-e golaý) tölediler. Jesediň Türkmenistana getirilmegi üçin hem merhumyň ildeşlerinden pul ýygnaldy.

Bu munuň ýaly wakanyň diňe bir gezek bolşy däl.

Geçen ýyl Stambulda Lebap welaýatyndan gelen zähmet migranty Ahmet S. aradan çykdy. Geçen ýylyň noýabrynda Türkiýä saglygyny bejertmek üçin gelen türkmenistanly, “Raýdaşlyk” obasynyň bir ýaşaýjysy ýogaldy. Şu ýylyň aprelinde Türkiýäniň Eskişehir welaýatynda Baýramaly etrabyndan bolan zähmet migranty aradan çykdy.

Ilçihanada, nämälim sebäplere görä, garyndaşlarynyň merhumyň tabydyny açmazlygy, ony şol durşuna, ýol üçin salnan tabydy bilen jaýlamagyny berk talap edýärler. Bu buýrugyň berjaý edilmegine ýörite gulluklaryň welaýat merkezlerinden adam jaýlanýan ýere iberilen wekilleri gözegçilik edýärler.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainaly 99 Esgeriň Jesedini Berdi
Aşgabadyň gonamçylygynda täze mazarlar döreýär, keselhanalar ölenleri sellofan örtgülere dolap berýärler. Türkmenistanda COVID-19 ýokmy?