Ýüpek ýoly ralli-marafonynyň T2 ýaryşyny ajaýyp netijelere besleýän türkmen ekipažlary 12-nji iýulda geçen altynjy tapgyrda hem şol şowly ýoly mynasyp dowam etdirdiler.
Elbetde, pellehanadan ilkinji bolup geçmek bu gezek şowsuz günleriň yzygiderli ikisine duçar bolan Dmitriý Woronowa miýesser etdi. Bellenen menzili Woronowdan 1 sagat çemesi soň külterlän Şamyrat Gurbanow bu tapgyrda ikinji orny eýeledi. Merdan Toýlyýew öňdebaryjylaryň üçlügini jemledi. Şeýlelikde, türkmen ekipažlary 6-nji tapgyrda ikinji hem-de üçünji orunlary eýelediler.
Şu gün — Ýüpek ýoly halkara rallisiniň ýedinji gününde ýaryşa gatnaşyjylara Elista — Elista ugry boýunça 350 kilometrlik aýlawlaýyn tapgyr garaşýar. Bu aralygyň 310 kilometrlik menzili tapgyryň ýörite meýdanyny özünde jemlär. Şol gün agşam ähli sport tehnikalary ahyrsoňy tejribeli mehanikleriň ygtyýaryna berler we ralliniň sekizinji tapgyrynyň startyna doly derejede taýýar ediler.